Halkara söwda

Hyzmatlarymyzyň birinji bölegi müşderileri gerekli Türkmenistanda öndürilen harytlar bilen üpjün etmekdir. Biziň kompaniýamyz harytlaryň öndürimisi dälligine garamazdan, biz iki tarapa-da, ýagny hem daşary ýurt müşderilerimize satyn almaga hem-de Döwlet öndürijilere satmaga ýardam berýäris. Siz elmydama Türkmenistanda öndürilýän we eksporta taýýar önümleriniň doly sanawy bilen Türkmenistanyň Döwlet Haryt - Çig Mal Biržasynyň resmi web sahypasyndan tapyp bilersiňiz.

Biz hem müşderiler hem-de öndürijiler üçin howpsyz aluw-satuw politikasyny ýöredýaris. Ýagny, islendik haryt üçin müşderilerden baha talaby alan ýagdaýymyzda, eger-de ol haryt TDHÇMB-da bäsleşige / tendere goýulan bolsa, onda Türkmenistanyň Döwlet Haryt - Çig Mal Biržasyndan alyp hormatly müşderilerimiziň dykgatyna ýetirýäris. Eger-de ol haryt Türkmenistanyň Döwlet Haryt - Çig Mal Biržasynda el ýeterli däl bolsa we bäsleşige / tendere çykarylmadyk bolsa, biz müşderilerimize bu harydy öň satyn alan, emma entäk eksport etmedik daşary ýurt işdeşlerimizden satyn almagy teklip edýäris.

Size ýene-de bir gezek Biz harytlaryň öndürijisi däldigimizi we biz diňe hormatly müşderilerimiz we öndürijiler arasynda bir köpri hökmünde çykyş edip bilýändigimizi ýatlatmak isleýäris.

Türkmenistandan nädip harytlary satyn almagyň we eksport etmegiň şertlerini we düzgünlerini biziň web sahypamyzdan owrenip bilersiňiz.

Biziň hyzmatlarymyz

Biz iň ýokary hil hyzmatlary berýäris we müşderilerimiz biz bilen işlemäge kanagatly.

Halkara söwda hyzmaty

Hyzmatlarymyzyň birinji bölegi müşderileri gerekli Türkmenistanda öndürilen harytlar bilen üpjün etmek. Biz daşary ýurt müşderilerimize satyn almaga we Döwlet öndürijilere satmaga ýardam berýäris.

Logistika hyzmaty

Hyzmatlarymyzyň ikinji we örän wajyp bir bölegi bolsa logistikadyr. Herkimiň bilişi ýaly, söwda biznesini ýöretmegiň iň wajyp bölegi daşaýyş (transport), has-da dogrysy logistika bolup durýandyr.

Konsaltiň hyzmaty

Üçünji we soňky bölegi bolsa – konsaltiň hyzmatdyr. Biz elmydama söwdada, logistikada we maliýeleşdirmekde Siziň garşyňyza kyn we çözülmeýän ýagdaýlar çykanda kömege taýýardyrys.

Awtoýol daşaýyşy

Awtoýol daşaýyşy Türkmenistan bilen çäklenmani, eýsem de ähli Dünýäde haryt daşamaklygyň iň umumy we meşhur görnüşi bolup durýar. Ol öz içinde ýokary-tizlikde daşaýyşlary we elýeter bahadan daşaýyşlary hem jemleýär.

Demirýol daşaýyşy

Demirýol daşaýyşy daşamaklygyň iň howpsuz görnüşleriniň biridir. Daşaýyşyň bu görnüşi islendik görnüş harydy islendik mukdarda we möçberde daşamaklyga mümkünçilik döredýär. Biz müşderilere demirýol hyzmatymyzy hödürleýäris.

Deňizýol daşaýyşy

Deňizýol daşaýyşy haçanda size gerekli ideal ugurda deňiz ýa-da okean bar bolan ýagdaýda kömek edýär. Käbir ýagdaýlarda A nokatdan B nokada uly möçberde harydy daşamak deňiz ýol arkaly amatly bolýar.