Dizel ýangyjy –ýöriteleşdirilen dizel ýangyç hereketlendirijilerinde ullanylýan himiki harytdyr. Bu ýangyç görnüşi kerosin-ýag-gazly fraksiýalardan nebitiň arassalanma usuly netijesinde emele gelýär. Dizel ýangyjy şepbik (goýy) we kyn bugarýan suwuklykdyr we düzüminiň köp bölegi uleroddan ybaratdyr. Onuň düzüminde şeýle-de wodorod, kislorod, kükürt we azot ýaly elementleri tapmak mümkindir.
Adamlar öz aralarynda dizel ýangyjyny şeýle-hem solýarka diýip atlandyrýalar. Solýarka sözi Nemis dilindäki Solarol (günebakar ýag) sözünden gelip çykýar, sebäbi gadymy zamanda ähli nebiti arassalama usuly netijesinde emele gelen sarymtyl fraksiýalary şeýle atlandyrýalar ekeni.
Dizel ýangyjynyň örän kop ullanylýan ýerlerleri bolup, esasan ulaglarda, dizel elektrostansiýalarda, oba-hojalyk we harby tehnikalarda ullanylýar. Şeýle hem dizel ýangyjy (solýarka) jaý gyzdyryjylarda (kotelnýalarda) ýangyç hökmünde hem ullanylýar.

Dizel ýangyjy

Türkmenistanda dizel ýangyjy

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (gysgaça “TNGIZT”), Türkmenistanyň Türkmenistanyň nebitgaz ministrliginiň ýolbaşçylyk etmeginde bolup, Türkmenistanyň iň uly nebiti gaýtadan işleýän kärhanalarynyň biridir. Onuň gurluşygy 1942-nji ýylda başlanyp, ýyl-ýyldan döwrebaplaşdyrylan we täze döwrebap enjamlar bilen üpjün edilendir. 2011-nji ýylda bolsa düýpli abatlaýyş işleri geçirilip, tehnologiýa taýdan wajyp işler geçirilendir. Şu günümizde, zawod benzin, suwuklaşdyrylan gaz, awiýasiýa üçin niýetlenen we tehniki kerosin, reýaktiw we dizel ýangyçlaryny, dürli tehniki we gyzdyrylýan ýaglar, tehniki kükürdi we sintetik ýuwujy serişdeleri ýaly harytlary öndürýär.
Zawodyň çykarýan harytlary Dünýä belli standartlaryna laýyk bolup, diňe Türkmenistatnyň içinde däl, eýsem-de daşary ýurtlarda hem isleg-talap döredýär. Önümleriň köp bölegi daşary ýurtlara, ýagny SNG we Ýewropa ýurtlaryna eksport üçin niýetlenendir. Esasy sarp ediji döwletleriň arasynda Russiýa, Germaniýa, Ispaniýa, Italiýa, Ýaponiýa, Hytaý, Türkiýe, Iran, Pakistan, Owganystan, Özbegistan we başga döwletler hem bardyr.
TNGIZT-yň kuwwatlylygy ýyllyk 10 milliýon ton harytdan ybaratdyr.

Türkmenistanda dizel ýangyjyny1
Türkmenistanda dizel ýangyjyny2
Türkmenistanda dizel ýangyjyny3

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodla toplumy

Kükürdi az nebitden alynýan dizel ýangyjy (L-02-62)
Görkezijileriň ady Norma
1 Setanyň mukdary, az däl 45
2 Fraksion düzümi:
- 50%-i temperaturada işlenilip geçirilýär,ýokary däl
- 96%-i temperaturada işlenilip geçirilýär,ýokary däl

290
360
3 Kinematik şepbeşikligi 200ºС, mm2/s, (sSt) 3,0-6,0
4 Sowap gatamak temperaturasy, ºС, ýokary däl -10
5 Bulanmak temperaturasy, ºС, ýokary däl -5
6 Ýalpyldama temperaturasy ýapyk tigelde kesgitlenilişi, ºС, aşak däl:
- teplowoz we gämi dizelleri hem-de gaz turbinalary üçin
- umumy maksatlar üçin ulanylýan dizeller üçin
- umumy maksatlar üçin ulanylýan dizeller üçin

62
50
40
7 Kükürdiň massa paýy, %, artyk däl 0,2
8 Merkaptan kükürdiniň massa paýy, %, köp däl 0,008
9 Kükürtli wodorodyň mukdary ýok
10 Miss plastinkasyndaky synag çydamly
11 Suwda ereýän kislotalaryň we aşgarlaryň mukdary ýok
12 Hakyky smolanyň konsentrasiýasy, 100 sm3 ýangyçda mg, artyk däl 40
13 Turşulygy, 100 sm3 ýangyçda mg KOH, artyk däl 10
14 Ýoduň mukdary, 100g ýangyçda ýoduň gramy, artyk däl 6
15 Küllülik, %, artyk däl 0,005
16 10% galyndynyň kokslanmagy, %, artyk däl 0,25
17 Filtirlenme koeffisiýenti, artyk däl 3,0
18 Mehaniki garyndylarynyň mukdary ýok
19 Suwuň mukdary ýok
20 20ºС-da dykyzlygy, kg/m3, artyk däl 860
Bellik:
  • 1. Sowap gatamak temperaturasy 0 ºС ýokary däl ýangyjyny öndürilmegi we ulanmagy (bulanmak temperaturasyny kesgitlemän) we suwuň mukdary köp däl “yzy” 1-nji martdan 1-nji noýabra çenli rugsat edilýär.
  • 2. Filtirlenme koeffisiýent gorkezijisi TNGIZT-nyň Kenar nebitönümlerini ýükleýji kärhanasynyň çeleklerinden (rezerwuarlaryndan) kesgitlenilýär, zawod bolsa TŞ-de görkezilen kadalarynyň laýyklygyny kepillendirýär.
  • 3. 1,7,8,9,15 bendine boýunça görkezijiler ongünlükde bir gezek kesgitlenýär.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodla toplumy

Az kükürtli wodorod bilen arassalanan dizel ýangyjy (gidroarassalanan)
Görkezijileriň ady Norma
1 Kükürdiň massa paýy, % (ррm), artyk däl, Gidroarassalanan dizel ýangyjynyň görünüşleri üçin
GEA – 0,005- 30
GEA – 0,01 - 30

0,005(50)
0,01(100)
2 Setan indeksi, aşak däl 50
3 Fraksion düzümi:
95% -i ºС temperaturada işlenilip geçirilýär٫ ýokary däl
340
4 Кinematik şepbeşikligi 20 ºС, mm²/s (сСт) 3,0-6,0
5 Azodyň massa paýy, % (ррm), artyk däl 0,003(30)
6 Doňma temperaturasy ºС, ýokary däl 62
7 Reňki, artyk däl
- ASTM birliginde
- SNT birliginde

2,0
2,0
8 Ýalpyldama temperaturasy ýapyk tigelde kesgitlenilişi, ºС, aşak däl -30
9 Polisikliki aromatiki uglewodorodlaryň massa paýy, % artyk däl 11
10 Mis plastinkasyndaky synag çydamly
11 Suwuň massa paýy,%,(ррm), artyk däl 0,02
12 Küllülik, %, artyk däl 0,005
13 10% galyndynyň kokslanmagy, %, artyk däl 0,25
14 Filtirlenme koeffisiýenti, artyk däl 3,0
15 20 ºС-da dykyzlygy, g/sm3, artyk däl 0,840
Bellik:
  • 1. 4,7 bentler boýunça görkezijiler döwürleýin, aýda bir gezek kesgitlenýär.
  • 2. 9,12,13 bentler boýunça görkezijiler döwürleýin, on günden bir gezek kesgitlenýär.
Türkmenistandan dizel ýangyjy satyn alyň

Spesifikasiýasy:

Ýükle

Düzgünler we şertler:

Oka

Talapnama doldur:

Ýükle

Biziň bilen habarlaşyň:

Habarlaş