Halkara Hyzmat Hojalyk Jemgyýeti

"Halkara Hyzmat", Hojalyk Jemgyýeti, nebit we himiýa önümlerini Türkmenistandan daşary ýurt ýakyn çäklerine we Ýewropa ýurtlaryna daşamakda we olaryň halkara söwdasy ugurlarynda ýaş spesiýalistler tarapyndan gurulan kompaniýadyr. Kompaniýanyň entäk ýaş bolmagyna garamazdan, biz bu ugurlarda giň we uzyn-möhletli tejribeli spesiýalistlary bilen öwünip bileris. Şu sebäpli biz şeýle hem Size giňişleýin konsaltiň (maslahat beriş) hyzmatyny hem hödürläp bileris.

Biziň maksadymyz daşary ýurt müşderiler / inwestorlar bilen özara baglanyşyk gurup Türkmenistanyň eksporta baý bazaryna höwes döretmekdir. Kompaniýanyň esasy ugry Türkmenistanda öndürilen önümleri satyn almaklykda maslahat bermek we assistentlik etmek (daşary ýurt kompaniýalaryny Türkmenistanyň Döwlet Haryt - Çig Mal Biržasynda /TDHÇMB-da registrasiýa etmeklikde, müşderileriň gerekli resminamalaryny resmileşdirmeklikde, müşderileriň adyndan bäsleşiklerde / tenderlerde çykyş etmek, müşderileriň adyndan harytlary sargamak, gümrük resminamalaryny resmileşdirmekde) we müşderiniň kesgitlän salgysyna çenli transport / daşaýyş hyzmatyny berjaý etmek. Şeýlelik bilen, kompaniýamyzyň ugurlaryny üç bölege, ýagny halkara söwda, logistika we konsaltiň hyzmatlaryna bölüp bileris.

Türkmenistan strategik taýdan, özüniň baý gaz ojaklary saýasynda nebit we himiýa önümleriniň söwdasy üçin wajyp ýurtdyr. Türkmenistan orta Aziýada karbamid, kükürt, ammiýak we kaliý ýaly mineral dökünleriniň önümçiliginde we eksportynda öňdebaryjy ýurtlaryň biridir.

Türkmenistanda öndürilýän we eksporta taýýar önümleriniň doly sanawyny Türkmenistanyň Döwlet Haryt - Çig Mal Biržasynyň (TDHÇMB) resmi sahypasyndan tapyp bilersiňiz.

Biziň hyzmatlarymyz

Biz iň ýokary hil hyzmatlary berýäris we müşderilerimiz biz bilen işlemäge kanagatly.

Halkara söwda hyzmaty

Hyzmatlarymyzyň birinji bölegi müşderileri gerekli Türkmenistanda öndürilen harytlar bilen üpjün etmek. Biz daşary ýurt müşderilerimize satyn almaga we Döwlet öndürijilere satmaga ýardam berýäris.

Logistika hyzmaty

Hyzmatlarymyzyň ikinji we örän wajyp bir bölegi bolsa logistikadyr. Herkimiň bilişi ýaly, söwda biznesini ýöretmegiň iň wajyp bölegi daşaýyş (transport), has-da dogrysy logistika bolup durýandyr.

Konsaltiň hyzmaty

Üçünji we soňky bölegi bolsa – konsaltiň hyzmatdyr. Biz elmydama söwdada, logistikada we maliýeleşdirmekde Siziň garşyňyza kyn we çözülmeýän ýagdaýlar çykanda kömege taýýardyrys.

Awtoýol daşaýyşy

Awtoýol daşaýyşy Türkmenistan bilen çäklenmani, eýsem de ähli Dünýäde haryt daşamaklygyň iň umumy we meşhur görnüşi bolup durýar. Ol öz içinde ýokary-tizlikde daşaýyşlary we elýeter bahadan daşaýyşlary hem jemleýär.

Demirýol daşaýyşy

Demirýol daşaýyşy daşamaklygyň iň howpsuz görnüşleriniň biridir. Daşaýyşyň bu görnüşi islendik görnüş harydy islendik mukdarda we möçberde daşamaklyga mümkünçilik döredýär. Biz müşderilere demirýol hyzmatymyzy hödürleýäris.

Deňizýol daşaýyşy

Deňizýol daşaýyşy haçanda size gerekli ideal ugurda deňiz ýa-da okean bar bolan ýagdaýda kömek edýär. Käbir ýagdaýlarda A nokatdan B nokada uly möçberde harydy daşamak deňiz ýol arkaly amatly bolýar.