TÜRKMENISTANDAN HARYTLARY SATYN ALMAK WE EKSPORT ETMEGIŇ DÜZGÜNLERI WE ŞERTLERI
Türkmenistandan aşakda görkezilen ýollar arkaly harytlary satyn almak we eksport etmek mümkindir.

GÖRNÜŞ 1. GÖNÜMEL TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÖNDÜRIJILERINDEN / KÄRHANALARYNDAN.

Ädim 1. Siziň kompaniýaňyzy Türkmenistanyň Döwlet Haryt- Çig Mal Biržasynda (TDHÇMB) hasaba alynmagy (kanunlaşdyrylmagy) we broker ýeri alynmagy.

Bu usul siziň kompaniýaňyz tarapyndan ähli kadalary berjaý etmegine bagly bolup, 2 (iki) hepdeden 4 (dört) hepdä çenli wagt alýar.

Biz siziň (daşary ýurt) kompaniýaňyzy Türkmenistanyň DHÇMB-da hasaba goýýarys (hasaba goýmak üçin zerur bolan ähli düzgünler we gerek resminamalaryň sanawuyny TDHÇMB-yň resmi web sahypasyndan tapyp bilersiňiz).

Ähli resminamalary, şol sanda hem biziň işgärimize (notarial) ynanç hatyny bize ugradanyňyzdan soň, Türkmenistanyň çäginde ýerli öndürijiler / edaralar bilen şertnama baglaşmak üçin biz Siziň kompaniýaňyzyňy TDHÇMB-a hasaba goýup, TDHÇMB-da geçirilýän söwdalara gatnaşmak üçin broker ýerini satyn alýarys.

TDHÇB-da broker ýerini satyn almak we TDHÇB-da geçirilýän bäsleşiklere gatnaşmak üçin hasap-fakturasyny berýändigini Siziň dykgatyňyza ýetirmek isleýäris. Şeýle hem, TDHÇMB goýum hökmünde hem hasap-fakturasyny berýändir. Satyn alyjy bu hasap-fakturalary 14 (on dört) günüň dowamynda tölemäge borçlanýar we bize tölenenligi barada TDHÇMB-na görkezmek üçin subutnama hökmünde töleg tabşyrygyny ugradýar. Şeýlelik bilen, siziň kompaniýaňyz Döwlet öndürijilerden / kärhanalardan harytlary satyn almaga taýýar bolýar.

Ädim 2. Siziň kompaniýaňyzyň TDHÇMB-da geçirilýän bäsleşiklere gatnaşmagy.

Iş günleri, Türkmenistandan harytlary satyn almak we eksport etmek üçin TDHÇMB-da bäsleşikler geçirilýär (bäsleşige çykarylýan harytlaryň doly sanawy bilen TDHÇMB-nyň resmi web sahypasynda tanyşyp bilersiňiz).

Siziň kompaniýaňyz bize bäsleşige gatnaşmak üçin maglumatlary, Türkmenistandan haryt satyn almak we eksport etmek üçin talapnamany doldurmagyňyz we biziň elektron (e-mail) salgymyza ugratmak arkaly habar berýärsiňiz: info@hyzm.at

Käbir Türkmenistanyň Döwlet öndürijileri / kärhanalary talapnamadaky bentler hakynda özleriniň bildirilýän iň az talaplarynyň bardygyny we bulary goşmaça bizden öwrenip biljekdiňizi Siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

Ädim 3. Gerekli harytlary TDHÇMB-yň bäsleşiginde satyn almak.

Siz bilen satyn almak şertlerini hakynda ylalaşylandan soň, biz Siziň kompaniýaňyzyň adyndan bäsleşige gatnaşýarys we Türkmenistandan gerekli harytlary gönümel Siziň kompaniýaňyzyň adyna satyn alýarys.

Ädim 4. Birža ýygymlarynyň tölegi we Öndüriji bilen şertnama baglaşmak.

TDHÇMB-da harydy üstünlikli satyn alynanyndan soň, TDHÇMB şertnamanyň 0,2/0,4% jemi göteriminden birža ýygymy üçin hasap-faktura berýär. Hasap-faktura tölenenden soň, Döwlet öndüriji / kärhana Şertnamanyň taslamasyny taýýarlaýar we onuň beýleki şertleri ylalyşylýar. Soňra bolsa Siziň kompaniýaňyz Türkmenistanyň Döwlet öndürijileri / kärhanalary bilen resmi şertnama baglaşýar. Şertnamanyň gutarnykly görnüşi (4 nusgada) TDHÇMB-na barlaga we hasaba alynmaga ugradylýar. Şertnama TDHÇMB-da hasaba alyndan soň, Şertnamada bellenen töleg şertlerine laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet öndürijileri / kärhanalary Siziň kompaniýaňyzyň adyna öňünden töleg üçin hasap-faktura berýär we Siziň kompaniýa bu hasap faktura laýyklykda pul serişdeleri ol edaranyň daşary ýurt walýuta hasabyna geçirýärsiňiz. Şeýlelik bilen, Siziň harydyňyz ýüklenmäge taýýar.

Öňünden töleg üçin berilen hasap-faktura, bäsleşikde satyn alynan harydyň şertlerine we şertnamada bellenen şertlere laýyklykda 50% göterimden 100% göterime çenli bolup biljekdini Siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

Ädim 5. Harytlaryň logistikasy / transporty.

Eger-de Döwlet öndürijileriň harytlary satan ýagdaýynda, onuň ýükleme şertleri Size gerek bolan şertlerden üýtgeşik bolan ýagdaýynda, biz Siziň harydyňyzy islegiňize görä daşaýyşyny gurnamaga ýardam ýardam bereris. Siz harytlaryň awtomobil / demir ýol / deňiz ýollary arkaly daşamagyň takmyny bahalary bizden öwrenip bilersiňiz.

GÖRNÜŞ 2. DAŞARY ÝURT KOMPANIÝALARDAN / BIZIŇ HYZMATDAŞLARYMYZDAN.

Köplenç, harytlar Size gyssagly ýagdaýda ýüklenmegi gerek bolýar we Siziň kompaniýaňyzyň TDHÇMB-a hasaba alynmagyna (kanunlaşdyrylmagyna) garaşmaga we TDHÇMB-da broker ýerini satyn almaga wagtyňyz ýok bolup biler. Şu ýagdaýlarda, Siz harytlary TDHÇMB-yň üsti bilen däl-de, eýsem öň Türkmenistanyň Döwlet öndürijilerinden / kärhanalardan satyn alan, emma entäk eksport etmedik kompaniýalardan satyn almaly bolýarsyňyz.

Biziň kompaniýamyz birnäçe ýylyň dowamynda uly daşary ýurt kompaniýalaryny konsaltiň we transport-logistika hyzmatlary bilen üpjün edýäris. Biziň uly müşderi bazamyz we olar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyz bardyr. Biz Size gerekli bolan harytlary daşary ýurt hyzmatdaşlarymyzdan satyn almaga ýardam berip bileris.

Ädim 1. Satyn almak isleýän harydyňyz hakynda bize maglumat beriň.

Türkmenistandan haryt satyn almagyň bu görnüşini ýerini ýetirmek üçin, Türkmenistandan haryt satyn almak we eksport etmek üçin talapnamany doldurmagyňyz we biziň elektron (e-mail) salgymyza ibermegiňiz zerurdyr: info@hyzm.at

Ädim 2. Daşary ýurt kompaniýadan / biziň hyzmatdaşlarymyzdan jogaba garaşmaly.

Gerek bolan ähli maglumatlary bize ugradanyňyzdan soň, biz bu maglumatlary özümiziň hyzmatdaşlyk edýän daşary ýurt kompaniýalarymyza ugradýarys.

Ädim 3. Satyjy bilen gepleşikler.

Biz size daşary ýurt kompaniýalaryň satyn alan, emma eksport etmedik harytlarynyň satmak isleýän şertlerini aýdarys. Şul ädimde biz maksimumdan Siziň bähbidiňizi gorarys we satyn alynjak harydyň bahasyny azaltmaga synanşarys.

Ädim 4. Satyjy bilen şertnama baglaşmak.

Satyjy bilen üstünlikli gepleşiklerden soň, ol size ähli şertler bellenip geçilen baglaşyljak şertnamanyň draftyny (taslamasyny) ugradar. Netijede, Siz daşary ýurt kompaniýasy bilen gönümel şertnama baglaşarsyňyz.

Ädim 5. Harytlaryň logistikasy / transporty.

Eger-de Satyjynyň harytlary satan ýagdaýynda, onuň ýükleme şertleri Size gerek bolan şertlerden üýtgeşik bolan ýagdaýynda, biz Siziň harydyňyzy islegiňize görä daşaýyşyny gurnamaga ýardam ýardam bereris. Siz harytlaryň awtomobil / demir ýol / deňiz ýollary arkaly daşamagyň takmyny bahalary bizden öwrenip bilersiňiz.

Biz Siz bilen islendik görnüşde işleşmäge taýýar we biz bärde hut şonuň üçin! Harytlary üstünlikli Türkmenistandan satyn almak we eksport üçin, Siziň biz bilen habarlaşmagyňyz ýetikdir.

DOKUMENTLERI ÝÜKLÄP ALYŇ

Talapnama:

Ýükle

Düzgünler we şertler:

Ýükle

Biziň bilen habarlaşyň:

Habarlaşmak