Halkara Hyzmat kompaniýasy size Türkmenistanda öndürilen şu harytlary satyn almagy teklip edýär:

Karbamid

img

Karbamid iň köp azot konsentrasiýaly dökündir. Onuň düzüminde amid görüşinde azot bardyr we olar toprakda başda ammiýaga soňra bolsa nitrat görnüşine öwrülýärler. Ol aňsatlyk bilen suwda ereýär. Ýapyşmaklyga garşy ullanylýan serişdeler saklanan döwründe onuň erkin akymyna kepil bolýar. Biz size karbamidi Türkmenistanyň "Türkmenhimiýa" Döwlet Konserniniň: Tejenkarbamid, Marykarbamid we Garabogazkarbamid zawodlaryndan satyn almaklyga ýardam berip bileris.

Kükürt

img

Türkmenistanda "Türkmengaz" Döwlet Konserni her ýyl özüniň öndürýän we eksport edýän himiki önümlerini artdyrýar. Munuň iň wajyp ugurlarynyň biri bolsa kükürtdir. Kükürdüň senagatda dürli ullanyş şekilleri bardyr, araçy önüm ýa-da belli bir reaksiýalarda goşmaça kataliz hökmünde. Biz size kükürdi Türkmenistanyň "Türkmengaz" Döwlet Konserniniň Samandepe we Galkynyş nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň birinden satyn almaga ýardam berip bileris.

Polipropilen (PP)

img

Polipropilen (PP) termoplastiki "goşmaça polimer" bolup propilen monomerleryň birleşmesinden ýasalandyr. Ol dürli pudaklardaky gündelik harytlaryň gaplamalarynda we plastmas şaýlarda ullanylýar. Gomopolimerler we kopolimerler – polipropileniň bazarda tapyp bolýan iň esasy iki görnüşidirTürkmenistan Polipropileniň (PP) we Polietileniň (PE) Balkan welaýatyndaky Gyýanly täze himiki gaz toplumynda önümçiligine we satyşyna başlady.

Polietilen (PE)

img

Polietilen (PE) - ýeňil, köpugurly sintetik şepbik bolup etileniň polimerleşdirmesinden ýasalandyr. Bul Dünýäde iň köp ullanylýan, arassa iýmit gaplaryndan we söwda gaplaryndan başlap, ýuwujy serişde gaplarynda we awtomobil ýangyç gutylarynda hem ullanylýan plastikdyr. Ol şeýle-de kesilip ýa-da bölünip sintetik süýüme ýa-da maýyşgak reziniň häsiýetini alyp bilýär. Türkmenistan Polipropileniň (PP) we Polietileniň (PE) Balkan welaýatyndaky Gyýanly täze himiki gaz toplumynda önümçiligine we satyşyna başlady.

Portland Sement M500

img

Portland sement M500 kemsiz gurluşyk harydy bolup, özüniň kemsiz jiltleýiş häsiýeti esasynda gurluşyk elementleri kuwwatlandyrýar. Sement gysylma agramy astynda bekeýär we ýa sement laýy, sement betony görnüşinde ullanylýar. “Türkmensement” Önümçilik Birleşiginiň dört sany sement zawody bar bolup, olar: Jebel sement zawody, Balkan welaýaty (Türkmenistan); Baharly sement zawody, Ahal welaýaty (Türkmenistan); Kelete sement zawody, Ahal welaýaty (Türkmenistan); Lebap / Garlyk sement zawody, Lebap welaýaty (Türkmenistan).

Tehniki ýod

img

Ýod özüniň ýod-krahmal reaksiýasy astynda mawy renki bilen we dürli deňiz ösümliklerini iýmitlendirýän jisim hökmünde tanalýar. Ýod element bolup durýanlygy sebäpli, ony tebigy baýlyklardan çykaryp almakdan başga ne himiki sintez arkaly ne-de başga ýol bilen öndürmek mümkinçiligi bardyr we şeýlelikde, ýod gymmatly bir madda diýip bileris. Şu wagt, Türkmenistanda ýodyň önümçiligi Türkmenistanyň Balkan welaýatynda ýerleşýän Hazar, Balkanabat we Bereket himiki zawodlarynda amala aşyrylýar. Bu zawodlara çig-mal hökmünde Nebitdag-Monjukly, Boýadag, Çeleken depozitleri we Seýitkerderidäki ýüze çykmalary ullanýar.

Dizel ýangyjy

img

Dizel ýangyjy –ýöriteleşdirilen dizel ýangyç hereketlendirijilerinde ullanylýan himiki harytdyr. Bu ýangyç görnüşi kerosin-ýag-gazly fraksiýalardan nebitiň arassalanma usuly netijesinde emele gelýär. Dizel ýangyjy şepbik (goýy) we kyn bugarýan suwuklykdyr we düzüminiň köp bölegi uleroddan ybaratdyr. Onuň düzüminde şeýle-de wodorod, kislorod, kükürt we azot ýaly elementleri tapmak mümkindir. Halkara Hyzmat Hojalyk Jemgyýeti L-02-62 / L-05-62 markaly dizel ýangyçlaryny elýeter bahadan gönümel Türkmenistanyň öndürijilerinden üpjün edýär. Şeýle hem, alternatiw öndürijileri görnüşde goňşy döwletlerden hem üpjün etmek mümkünçiligine eýedir.