Biz iň ýokary hil hyzmatlary berýäris we müşderilerimiz biz bilen işlemäge kanagatly.
Biziň kompaniýamyzyň esasy hereketleri üç bölekden emele gelýär:

Halkara söwda hyzmaty

img

Hyzmatlarymyzyň birinji bölegi müşderileri gerekli Türkmenistanda öndürilen harytlar bilen üpjün etmekdir. Biziň kompaniýamyz harytlaryň öndürimisi dälligine garamazdan, biz iki tarapa-da, ýagny hem daşary ýurt müşderilerimize satyn almaga hem-de Döwlet öndürijilere satmaga ýardam berýäris. Siz elmydama Türkmenistanda öndürilýän we eksporta taýýar önümleriniň doly sanawy bilen TDHÇMB-yň resmi web sahypasyndan tapyp bilersiňiz. Biz hem müşderiler hem-de öndürijiler üçin howpsyz aluw-satuw politikasyny ýöredýaris.

Logistika hyzmaty

img

Hyzmatlarymyzyň ikinji we örän wajyp bir bölegi bolsa logistikadyr. Herkimiň bilişi ýaly, söwda biznesini ýöretmegiň iň wajyp bir bölegi daşaýyş (transport), has-da dogrysy bolsa logistika bolup durýandyr. Bizde bir ýerde toplanan uly we uzyn-möhletli tejribeli tranport hünärmenleri bardyr. Biziň kompaniýamyzda birnäçe logistika we transport bölümleri bardyr we olaryň her biri belli bir transport görnüşine jogap berýändir. Bizde siz üçin ýörite taýýarlanan birnäçe görnüş transport hyzmaty / logistika çözümleri bardyr.

Konsaltiň hyzmaty

img

Hyzmatlarymyzyň üçünji we soňky bölegi bolsa – konsaltiň hyzmatdyr. Biz elmydama biznesiňiziň söwda, logistika we maliýeleşdirmek ugurlarynda Size kyn we çözülmeýän ýagdaýlarda kömege taýýardyrys. Biziň tejribeli professional toparymyz şu ýa-da başga ýagdaýlarda ýüze çykjak ähli kynçylyklaryňyzy çözmäne ýardam bermäne şatdyr. Biziň biznesimiziň düýbinde siziň talaplaryňyzy we meseleleriňizi ünsli synlamakdyr. Biznes dünýäsinde üstünlik alogoritminiň diňe üç komponent bardyr – tizlik, hil we baha.