Portland sement M500 kemsiz gurluşyk harydy bolup, özüniň kemsiz jiltleýiş häsiýeti esasynda gurluşyk elementleri kuwwatlandyrýar. Sement gysylma agramy astynda bekeýär. Portland sement ýa sement laýy ýa-da sement betony görnüşinde ullanylýar.

Haçanda portland sement gerekli möçberde suw we çäge bilen garylan ýagdaýynda "sement laýy" alynýar we sement gerekli suw, harsal we çäge bilen garlan ýagdaýynda "sement betony" emele gelýär.

Türkmenistanda portland semendi

Türkmenistanda Portland sement

“Türkmensement” Önümçilik Birleşigi, 2005-nji ýylda başda paýdarlar jemgyýeti bolup Türkmenistanyň Senagat Ministrligine degişli we öz eýeçiliginde 4 sany sement zawody bardyr: Jebel sement zawody, Baharly sement zawody, Kelete sement zawody we Garlyk (Lebap) sement zawody. Bu zawodlaryň barsy Türkiýe Respublikasynyň kompaniýalary tarapyndan gurlandyr.

Bu ýerde hek, toýun, gips we demir kömekçi elementler hökmünde ullanylýar. Önümçilik üçin zerur bolan çig mallaryň hemmesi diýen ýaly, ýagny umumy möçberiň 96% Türkmenistanyň içinden çykýar

“Türkmensement” PÖ 4 (dört) sany sement zawody bar bolup, olar:

Jebel sement zawody, Balkan welaýaty (Türkmenistan)

Jebel sement zawody

Jebel sement zawody 2011-nji ýylda 500,000 kw metr meýdanda, Türkmenisanyň Balkanwelaýatynyň Jebel şäherçesinde guruldy. Jebel sement zawody soňky döwrebap tehnologiýalary bilen üpjün edilip, ýyllyk 1.000.000 ton klinker öndürme kuwwatyna eýedir.

Bu zawod kompleksi orta Aziýadaky iň uly zawodlarynyň biri bolup, içinde özüniň çig-mallary we goşmaça materiallary böleklere öwradýan enjamy, goşmaça materiallary saklamak üçin we getirme enjamy, awtomatik usulda terezi we dozirowka enjamy, öňünden bişirme we peje eltme enjamy, klinkeri sowadyjysy, sagatda 125 tonnany owradýan iki sement degirmeni, jemi 5000 tonnalyk dört sany sement bunkeri, gaplama we ýükleme-düşürme enjamlary ornaşdyrylan.

Baharly sement zawody

Türkmenistanyň Ahal welaýatynda ýerleşýän, Baharly sement zawody 2005-nji ýyldy guruldy. Bu zawod ýyllyk 1.000.000 ýokary hilli M500 we M400 portland semendini öndürmek üçin niýetlenen. Zawod çig mal hökmünde hek daşy, laý, kwars çägesi, demir we gips ullanýar.

Bütin öndürme prosesi awtomatikleşdirilen we döwrebap Dünýa çapynda belli sistema we arassalama tehnologiýasy ornaşdyrylyp, zawody ekologiki taýdan senagat kärhana öwürýär.

Baharly sement zawody, Ahal welaýaty (Türkmenistan)
Kelete sement zawody, Ahal welaýaty (Türkmenistan)

Kelete sement zawody

Büzmeýin sement zawodynyň (1956 ý.) 2000-nji ýylda ýerini üýtgedip Kelete obasyna göçürilmesi netijesinde zawodyň ikinji doguluşy bolup durýar. Bu bolsa derrew zawodyň çykarýan önüminiň hiliniň artmasyna sebäp boldy. Keletedäki hekiň hili ýokary bolmagy we labaratoriýa gözegçiliginiň artdyrylmasy semendiň portland sement M400 we M500 kysymlaryny öndürmäge mümkinçilik döretdi.

Kelete zawodynyň birinji şahamçasy 2006-njy ýylda işe girizildi. Zawod. gurluşyk şirketleriniň aýtmagyna görä ýyllyk 1.000.000 tonna sement, ýerli mediýanyň habar bermegine göra bolsa ýyllyk 686.310 sement öndürilýär.

Garlyk (Lebap) sement zawody

Lebap ýa-da Garlyk sement zawody Türkmenabad welaýatynyň Koýtendagyň ýakynlarynda, Özbegistan-Afganistan Respublikalarynyň çäklerine ýakyn gurulandyr. Lebap (Garlyk) sement zawody ýyllk 1.000.000 tonna sement öndürme kuwwatyna eýedir.

Zawod semendiň iň meşhur kysymlaryny iň ýokary tehnologiýalara görä öndürýär. Bular, ýokary güýje eýe bolan M400 we M500 kysymlary bolp, suwuk laý nebit we gaz senagat pudagynda we sulfata daýanykly M400 markasy bolsa gidrawlika inžinerlik binalarynda ullanylýar. Zawody gerek bolan çig-mallar zawodyň ýakynynda ýerleşýän karýerlerden alynýar.

.
Lebap / Garlyk sement zawody, Lebap welaýaty (Türkmenistan)

Türkmenistandan portland sement М-500 satyn alyň

Spesifikasiýasy:

Ýükle

Düzgünler we şertler:

Oka

Talapnama doldur:

Ýükle

Biziň bilen habarlaşyň:

Habarlaş