Transport we logistika hyzmaty

Hyzmatlarymyzyň ikinji we örän wajyp bir bölegi bolsa transport we logistikadyr. Herkimiň bilişi ýaly, söwda biznesini ýöretmegiň iň wajyp bir bölegi daşaýyş (transport), has-da dogrysy bolsa logistika bolup durýandyr. Bizde bir ýerde toplanan uly we uzyn-möhletli tejribeli tranport hünärmenleri bardyr. Biziň kompaniýamyzda birnäçe logistika we transport bölümleri bardyr we olaryň her biri belli bir transport görnüşine jogap berýändir. Biziň hormatly müşderilerimizden harytlaryň transportyny sazlamak talaby alynandan soň, bu bölümleriň hemmesi bir ýere jemlenýär, we wagtynda harydy çykyş nokadyndan baryş nokadyna ertmek üçin dürli we iň amatly ýollary öwrenip, elýeter we amatly bahalary hormatly müşderilerimiziň dykgatyna ýetirýärler.

Bizde siz üçin ýörite taýýarlanan birnäçe görnüş transport hyzmaty / logistika çözümleri bardyr: Awtoýol transporty, demirýol transporty, deňizýol transport we multimodal transport

Awtoýol daşaýyşy

Awtoýol transporty (daşaýyşy)Türkmenistan bilen çäklenmani, eýdem de ähli Dünýäde haryt daşamaklygyň iň umumy we meşhur görnüşi bolup durýar. Ol öz içinde ýokary-tizlikde daşaýyşlary we elýeter bahadan daşaýyşlary hem jemleýär. Awtomobil ulgamynda islendik görnüş ýük (haryt) üçin saýlap almak mümkinçiligi bardyr. Biziň kompaniýamyz Türkmenistanyň içinde we daşynda, ýagny goňşy Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Afganistan, Türkiýe, Rusiýa we Ewropa döwletlerine awtoýol hyzmatyny hödürleýär.

Demirýol daşaýyşy

Demirýol transporty (daşaýyşy) daşamaklygyň iň howpsuz görnüşleriniň biridir. Daşaýyşyň bu görnüşi islendik görnüş harydy islendik mukdarda we möçberde daşamaklyga mümkünçilik döredýär. Biz müşderilere bir stansiýadan beýleki stansiýa çenli tarif bahasyny bermek; iň amatly ugury saýlap bermek; wagonlaryň ýüklemenmesiniň we düşürilmesinip registrasiýa prosesi, SMGSleriň registrasiýasy, SSR Döwletlerin-den/çenli kod bilen üpjün etmek ýaly demirýol hyzmatlaryny hödürleýäris.

Deňizýol daşaýyşy

Deňizýol transporty (daşaýyşy) haçanda size gerekli ideal ugurda deňiz ýa-da okean bar bolan ýagdaýda kömek edýär. Käbir ýagdaýlarda, meselem Türkmenistandan uly möçberde harytlary daşamak köplenç deňiz ýol bilen Türkmenbaşy Halkara Deňiz porty (ş. Türkmenbaşy, Türkmenistan) arkaly amatly bolýar. Harytlaryň deňiz üsti bilen daş ýerlerlere daşalmasy demirýol we awtoýoldan has-da amatly bolýar. Bu transport (daşamak) görnüşi gapsyz harytlary daşamagyň iň meşhur bir görnüşdir. Deňiz arkaly ýüklemelere, hiç hili çäk ýok diýen ýaly we bu bolsa ertme (daşamak) tertibini aňsatlaşdyrýar we ony el-ýeter, tiz we ynamly edýär.

Multimdal daşaýyşy

Multimodal transporty (daşaýyşy), eger-de big görnüş daşaýyş bilen daşamak mümkünçiligi ýok bolan ýerlerde ullanylýar. Bu daşaýyş görnüşi, awtoýol, demirýol we deňizýol daşaýyşlaryň birleşmesidir. Biz siz üçin multimodal daşamasy üçin gerek bolan iň gowy gabat gelýän saýlamany edip siziň talaplaryňyzy berjaý ederis.

Biziň hyzmatlarymyz

Biz iň ýokary hil hyzmatlary berýäris we müşderilerimiz biz bilen işlemäge kanagatly.

Halkara söwda hyzmaty

Hyzmatlarymyzyň birinji bölegi müşderileri gerekli Türkmenistanda öndürilen harytlar bilen üpjün etmek. Biz daşary ýurt müşderilerimize satyn almaga we Döwlet öndürijilere satmaga ýardam berýäris.

Logistika hyzmaty

Hyzmatlarymyzyň ikinji we örän wajyp bir bölegi bolsa logistikadyr. Herkimiň bilişi ýaly, söwda biznesini ýöretmegiň iň wajyp bölegi daşaýyş (transport), has-da dogrysy logistika bolup durýandyr.

Konsaltiň hyzmaty

Üçünji we soňky bölegi bolsa – konsaltiň hyzmatdyr. Biz elmydama söwdada, logistikada we maliýeleşdirmekde Siziň garşyňyza kyn we çözülmeýän ýagdaýlar çykanda kömege taýýardyrys.

Awtoýol daşaýyşy

Awtoýol daşaýyşy Türkmenistan bilen çäklenmani, eýsem de ähli Dünýäde haryt daşamaklygyň iň umumy we meşhur görnüşi bolup durýar. Ol öz içinde ýokary-tizlikde daşaýyşlary we elýeter bahadan daşaýyşlary hem jemleýär.

Demirýol daşaýyşy

Demirýol daşaýyşy daşamaklygyň iň howpsuz görnüşleriniň biridir. Daşaýyşyň bu görnüşi islendik görnüş harydy islendik mukdarda we möçberde daşamaklyga mümkünçilik döredýär. Biz müşderilere demirýol hyzmatymyzy hödürleýäris.

Deňizýol daşaýyşy

Deňizýol daşaýyşy haçanda size gerekli ideal ugurda deňiz ýa-da okean bar bolan ýagdaýda kömek edýär. Käbir ýagdaýlarda A nokatdan B nokada uly möçberde harydy daşamak deňiz ýol arkaly amatly bolýar.